Amerikaly senatorlar, Süleýmaniniň ABŞ tarapyndan guralan hüjümde öldürilmegine garşylyk görkezdi
Senatorlar, Prezident Donad Trampy “ABŞ-ny urşa goşmaga synanşmakda” günäkärledi
Amerikaly käbir demokrat senatorlar, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň ABŞ tarapyndan guralan howa hüjüminde öldürilmegine berk garşylyk görkezdi.
Senatorlar, Prezident Donad Trampy “ABŞ-ny urşa goşmaga synanşmakda” günäkärledi.
Hüjüm meselesiniň Senadyň gün tertibine getirilmändigini aýdan demokrat senatör Murphly, Pentagonyň “Hüjüm geljekde Eýran tarapyndan guralyp bilinjek hüjümleriň öňüni almak maksady bilen guraldy” diýen beýanatyna berk garşylyk görkezdi.
Senatör Blumenthal bolsa Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hüjüm hakynda gyssagly Senada we amerikanyň halkyna maglumat bermelidigini nygtady.
Blumenthal “Bu göçüm onlarça ýylyň iň uly çaknyşygyna sebäp bolup biler” diýdi.
Senatör Tom Karper hem Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Eýran meselesinde yzygiderli ýagdaýda Eýran meselesinde öjükdiriji syýasat alyp barýandygyny nygtady.