Somalide guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 90 adam ýetdi

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

1331052
Somalide guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 90 adam ýetdi

Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralan bombaly hüjümde 2-si türk 90 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy

Mogadişuda gümrük merkeziniň golaýynda, bombaly ýüklenen ulag uniwersitetde okaýan talyplary alyp barýan awtobus geçip barýarka ýaryldy.

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä, 90 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Türkiýäniň Somalidäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Ýylmaz, hüjümde 2 türküň hem ýogalandygyny habar berdi.

Ilçi Ýylmaz, ýaralananlaryň esasy böleginiň Mogadişuda ýerleşýän R.T. Erdogan bilim we ylmy barlag hassahanasynda bejergi astyna alynandygyny aýtdy.

Ilçi Ýylmaz, ilçihananyň Türkiýedäki we Somalidäki degişli ýolbaşçylar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny, Somaliniň ýaralananlar üçin Türkiýeden tiz kömek uçaryny sorandygyny belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly mesele hakynda beren beýanatynda, “Mogadişuda guralan hyýanatçylykly hüjümde ýogalan iki raýatymyza we beýleki Somalili doganlarymyza Alladan rehnet dileýärin. Doganlyk ýurt Somala goldaw bermäge dowam ederis. Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder” diýdi.

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.



Degişli Habarlar