““Demirgazyk Akym-2” tebigy gaz geçirijisi ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan tamamlanar”

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak “Demirgazyk Akym-2” tebigy gaz geçiriji taslamasynyň ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan tamamlanjakdygyny aýtdy

1329977
““Demirgazyk Akym-2” tebigy gaz geçirijisi ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan tamamlanar”

“Sputnigiň” habaryna görä Nowak rus mediasyna beren beýannamasynda; “Sanksiýalara garamazdan turba geçirijisiniň gurluşygy tamamlanar. 160 kilometrden az bölegi galdy” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp geçen hepde “Demirgazyk Akym-2” we “TürkAkym” turba geçirijilerine sanksiýa goýmagy hem öz içine alýan 2020-nji ýylyň goranyş býujetiniň taslamasyny tassyklapdy.

Şol gün ABŞ-nyň Gazna ministrligi “Demirgazyk Akym-2” we “TürkAkym” taslamalaryna garşy sanksiýalaryň güýje girendigini we resmi Waşingtonyň turba geçirijilerin gurluşygyny alyp barýan firmalardan işleri dessine bes etmegini talap edýändigini habar beripdi.



Degişli Habarlar