Russiýa degişli harby uçarlaryň Idlibde guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Idlibde hüjümler sebäpli soňky 2 günde azyndan 25 müň adam Türkiýe serhedine göçdi

1327555
Russiýa degişli harby uçarlaryň Idlibde guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy
suriye siviller goc.jpg

 

Siriýada Russiýa degişli harby uçarlaryň Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy.

Russiýa degişli harby uçarlar düýn gije Maarratünnuman etrabynyň Tel Mennis, Tuh we Deýr Şarki obalaryna hüjüm gurady.

Hüjümlerde Deýr Şarkide 2 we Tel Mennisde hem 3 bolmak bilen jemi 5 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy düýn guran hüjümlerinde hem 8 adam ýogalypdy.

Idlibde hüjümler sebäpli soňky 2 günde azyndan 25 müň adam Türkiýe serhedine göçdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Idlibde çaknyşyksyz zolada Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň guran hüjümlerinde asuda ilatdan 1300 adam ýogaldy. Hüjümler sebäpli esasan Türkiýe serhedine göçenleriň sany bolsa 2019-njy ýylda 1 milliondan geçdi.



Degişli Habarlar