Owganystanyň Balh welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Hadysada 18 adam ýaralandy

1324475
Owganystanyň Balh welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň merkezi Mazary Şerif şäherinde welosipede ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 18 adam ýaralandy.

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Adilşah Adil, Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, Mazary Şerif şäheriniň Alkozaý çatrygynda welosipede ýerleşdirilen bombanyň, Ýol gözegçilik gullugyna degişli ulagyň golaýdan geçýän mahaly partlandygyny habar berdi.

Hüjümde asuda ilatdan 12 adamyň we Polisiýa gullugyndan 6 adamyň ýaralanandygyny aýdan Adil, hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: #hüjüm , #Balh , #Owganystan

Degişli Habarlar