Filippinlerde bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň Mindanao adasynda düýn bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany 3-e ýetdi

1323785
Filippinlerde bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň resmileri, Dawao Del Sur sebitinde düýn başdan geçirilen ýer titremede Padada şäherçesinde çöken 3 gatly dükanyň aşagyndan ýene-de 2 adamyň jesediniň çykarylmagy bilen ýogalan adamlaryň sany 3-e ýetendigini habar berdiler.

Resmiler, binanyň aşagynda galan entegem 7 adamyň bardygyny mälim etdiler.

Ýangyndan Goranmak býurosy, ady agzalan binanyň aşagyndan ozal bolsa 6 adamyň halas edilendigini aýan etdi.

Sebitde ýer titremeden soň ilkinji 4 sagatda azyndan 179 gezek kiçiräk ýer titremeleriň bolandygy mälim edildi.

Ýer titremede 84 adamyň ýaralanandygyny aýdan resmiler, Polisiýa gullugynyň, harbylaryň we Ýangyn söndüriji gullugyň gatnaşmagyndaky gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler.



Degişli Habarlar