Russiýa ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa hemlesine reaksiýa bildirdi

Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowanyň beýanatynda aýdylýar

1322721
Russiýa ABŞ-nyň Türkiýä sanksiýa hemlesine reaksiýa bildirdi

Zaharowa: “Sanksiýa arkaly basyş etme syýasaty halkara gatnaşyklarynyň utgaşyklyk ulgamynda kabul edilmesizdir” diýdi.

Zaharowa ministrlikde geçiren metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny almagy sebäpli Türkiýä basyş edýändigini beýan etdi.

İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara üçünji ýurduň goşulyşmaly däldigini aýdan Zaharowa: “Bu diskussiýa kabul edilmesizdir” diýdi.

Zaharowa ABŞ-nyň başga ýurtlara hem sanksiýa goýandygyna ünsi çekip; “Sanksiýa arkaly basyş etmek syýasaty halkara gatnaşyklarynyň utgaşyklyk ulgamynda kabul edilmesiz” diýdi.



Degişli Habarlar