Russiýa 2 nemes diplomatyny ýurtdan çykarar

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Germaniýanyň İlçihanasynda işleýän 2 diplomaty “islenmeýän adam” yglan edip, bir hepdäniň dowamynda ýurtdaky çykmaklaryny isledi

1322293
Russiýa 2 nemes diplomatyny ýurtdan çykarar

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada Germaniýanyň iki rus diplomatyny ýurtdan çykarandygy ýatladylýar.

Germaniýa garşy protest notasynyn Germaniýanyň Russiýadaky İkçisi Geza Andreas won Geýre berilendigi barada aýdylýan beýannamada: “Russiýa deňlik ýörelgesine laýyklykda Germaiýanyň Russiýadaky İlçihanasynda işleýän iki diplomaty islenmeýäň adam yglan etmek hakynda karar kabul edýär. Diplomatlar 7 günüň dowamynda ýurtdan çykarlar” diýilýär.

Germaniýa geçen hepde Berlinde rus we gruzin raýatlygy bolan RTornike K-niň öldürilmegi bilen baglylykda Russiýanyň Germaniýadaky İlçihanasynda razwedkaçy bolandygy öňe sürülýän 2 diplomaty ýurtdan çykarypdy.

Berlinde ýaşaýan Tornike K. 23-nji awgustda Tiergarten seýilgähinde atylyp öldürilipdi.

Jenaýatda aýyplanýan rus raýaty Wadim K. saklanyp, wakada ulanylan ýarag hem ele salynypdy.

Tornike K-nyň Çeçenistanda Russiýa garşy göreşendigi öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar