Gresiýa Liwiýanyň ilçisini ýurdundan çykardy

Liwiýanyň Grasiýadaky ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy baradaky karar “diplomatik garakçylyk” hökmünde häsiýetlendirildi

1319275
Gresiýa Liwiýanyň ilçisini ýurdundan çykardy

 

Liwiýanyň Ýokary geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri, Gresiýanyň, Liwiýanyň Grasiýadaky ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy baradaky kararyny “diplomatik garakçylyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

Mişri mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, Gresiýanyň, Türkiýe bilen Gündogar Ortaýer denizinde ygtyýar giňişlikleriniň çaklendirilmegi hakyndaky ylalaşyk sebäpli Liwiýanyň Gresiýadaky ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy barada kabul eden kararyna garşylyk görkezdi.

Mişri, “Gresiýanyň ilçimiziň ýurtdan çykarylmagy baradaky karary diplomatik garakçylykdyr” diýdi.

Liwiýanyň Daşary işler ministri Muhammed Tahrir Seýýale hem Gresiýanyň kararyna garşylyk görkezdi we Gresiýanyň ilçimiziň ýurtdan çykarylmagy baradaky kararyny kabul etmeýäris. Liwiýada Gresiýanyň diplomatik wekilhanasy ýok, eger bolan bolsady biz hem olaryň ilçisini ýurtdan çykarardyk” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias, Gresiýanyň kararynyň Liwiýa bilen edilýän diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegi manysyny aňlatmaýandygyna ünsi çekipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar