Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Sçinas resmi sapar bilen Türkiýä geler

Saparyň dowamynda özara hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşylar

1318480
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary Sçinas resmi sapar bilen Türkiýä geler

Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň 1-nji dekabrda wezipesine girişen täze orunbasary Margaritis Sçinas we İçeri işler komissary İlwa Ýohansson ilkinji saparyny Türkiýä gurarlar.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Sçinas we Ýohansson Türkiýä iş saparyny gurarlar.

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Ankaradaky duşuşyklarynda Türkiýe_ÝB gatnaşyklarynyň ähli taraplary bilen bosgunlar boýunça hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşylar.

Beýannamada: “Sçinas we Ýohanssonyň täze wezipeleriniň çäginde ilkinji saparlaryny ÝB-ne dalaşgär ýurdumyza guramaklary ÝB-niň bosgunlar we howpsyzlyk ýaly ýurdumyz bilen ýakyn hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini görkezýär” diýilýär.



Degişli Habarlar