Talibana agza terrorçylar polisiýa merkezine hüjüm gurady

Wakada 10 adam ýogaldy

Talibana agza terrorçylar polisiýa merkezine hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynyň Ymam Sahip etrabyndaky Polisiýa merkezine terror guramasy Talibana agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 10 polisiýa işgäri ýogaldy.

Kunduzyň welaýat Şurasynyň başlygy Muhammed Ýusuf Aýubi, Talibana agza terrorçylaryň, Ysmam Sahip etrabynyň Joý Begum diýilen ýerindäki Polisiýa merkezine hüjüm gurap, 10 polisiýa işgärini öldürendigini, 3-sini bolsa ýaralandygyny habar berdi.

Aýubi ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini mälim etdi.


Etiketkalar: Taliban , Owganystan

Degişli Habarlar