“Eýran geçirilen soňky protestlerde 1 müňden gowrak demonstranty öldüren bolup biler”

ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Braýan Huk, ýurtda geçirilen soňky protestlerde Eýranyň howpsyzlyk güýçleriniň 1 müňden gowrak demonstranty öldüren bolup biljekdigini habar berdi

“Eýran geçirilen soňky protestlerde 1 müňden gowrak demonstranty öldüren bolup biler”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda geçirilen brifingde Eýranda başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçen Huk, protestlerde ölenleriň jogapkäriniň Eýranyň dolanşygydygyny nygtady.

Huk, Eýrandan gelip gowuşan habarnamalara ser salynanda Eýranda 1 müňden gowrak demonstrantyň Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini pikir edýändiklerini habar berdi.

Huk: “Bu demonstrasiýalar, Eýran dolanşygynyň soňky 40 ýylyň iň erbet syýasy krizisidir” diýip belledi.

Huk, mundan başgada Eýranyň günortasyndaky bir sebitde geçirilen demonstrasiýalarda Howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara od açandygyny we 100-den gowrak adamyň ölmegi bilen netijelenen hadysanyň wideo ýazgysynyň ABŞ-nyň resmileri tarapyndan gözden geçirilendigini aýan etdi.


Etiketkalar: demonstrantlar , Eýran

Degişli Habarlar