Putin ABŞ-ny tankyt etdi

Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin “ABŞ-nyň harby-syýasy dolanşygy älem giňişligini harby aksiýalaryň geçiriljek teatry hökmünde görýär” diýdi

1317819
Putin ABŞ-ny tankyt etdi

Putin Soçide geçirilen Rus Deňiz flotunyň maslahatynda sözlän sözünde älem giňişliginde harby operasiýa geçirmek boýunça alynyp barylýan işler barada aýtdy.

Güýçli ýurtlaryň işjeň häsýetde döwrebap harby kosmos ulgamlaryny kämilleşdirýändiklerini we tehniki özboluşlyklaryny döwrebaplaşdyrýandygyny aýdan Putin, ABŞ-nyň älem giňişliginde harby operasiýalar geçirmegi meýilleşdirýändigini nygtady.

Putin: “ABŞ-nyň harby-syýasy dolanşygy älem giňişligini harby aksiýalaryň geçiriljek teatry hökmünde görýär” diýdi.

Russiýanyň älem giňişliginiň ýaragsyzlandyrylmagyna garşydygyny nygtan Putin, aýratynam harby goşundaky elektronik söweş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi üçin çagyryş etdi.



Degişli Habarlar