Talibanyň guran hüjüminde ýene-de iki adam ýogaldy

Taliban bolsa waka bilen bagly beýanat bermedi

Talibanyň guran hüjüminde ýene-de iki adam ýogaldy

Talibana agza terrorçylaryň Owganystanyň Farýab welaýatynyň Bilçirag etrabyndaky polisiýa merkezine guran hüjüminde 2 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy.

Farýabyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Abdulkerim Ýuriş, hüjümde şeýle hem 4 howpsyzlyk gullukçysynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýuriş hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda 7 terrorçynyň öldürilendigini, 5-siniň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Ýuriş terrorçylaryň hüjüminiň yza serpikdirilendigini beýan etdi.

Taliban bolsa waka bilen bagly beýanat bermedi.


Etiketkalar: Owganystan , hüjüm , waka , Taliban

Degişli Habarlar