BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Liwiýada dartgynlygyň möwjemegine alada bildirilýär

Howpsyzlyk geňeşi Liwiýadaky taraplara dartgynlygyň azaldylmagy we hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Liwiýada dartgynlygyň möwjemegine alada bildirilýär

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Liwiýadaky taraplara dartgynlygyň azaldylmagy we hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden berlen beýanatda, Liwiýada soňky günlerde dartgynlygyň möwjemegine alada bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanatda BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekili Gassan Selameniniň, halkara jemgyýetçiliginiň Liwiýadaky krizisiň çözülmegine goldaw berýändigi nygtaldy we Liwiýdaky taraplara dartgynlygyň azaldylmagy we hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berildi.

Liwiýada 2011-nji ýylda agdarlan lider Muammer Kaddafiniň öldürilmeginden bäri dowam edýän içerki uruş sebäpli syýasy krizis henizem çözülip bilinmedi.

Halkara jemgyýetçiligini tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky güýçler bilen General Halife Haftere degişli güýçleriň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar