Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň Idlibde guran howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçler we Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan jemi 1300 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň Idlibde guran howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere we Russiýa degişli harby uçarlaryň Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy, azyndan 20 adam ýaralandy.

Russiýa degişli harby uçarlar düýn Idlibiň şäher merkezi bilen günortada ýerleşýän Kefer Sejne we Hiraki obalaryna howa hüjümini gurady.

Howa hüjüminde 1-i tussagly we 3-i tussaglynyň hossary bolmak bilen 4 adam ýogaldy, azyndan 20 adam ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň agşamara Sirmen we Keneýes obalaryna guran hüjümlerinde bolsa asuda ilatdan 2 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar düýn Idlibiň günortasynda ýerleşýän Marratinnuman we Serakip etraplaryna, Hülübbe, Ruffa, Syrman, Kenais we Berse obalaryna hüjüm edipdi.

Hüjümlerde asuda ilatdan 14 adam ýogalypdy, 27 adam ýaralanypdy.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda baglaşylan ylalaşyga garamazdan Idlibde çaknyşyksyz zolakda Asada tabynlykdaky güýçler we Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan 1300 adam ýogaldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar