ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň NATO agza bir ýurtdugyny belledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň NATO agza bir ýurtdugyny belledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň NATO agza bir ýurtdugyny belledi

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň paýtagty London şäherinde NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirdiler.

Tramp ol ýerde eden çykyşynda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň “NATO-nyň beýnisiniň ölendigi” baradaky beýanatyny, “Örän edepsiz” diýip belläp geçdi.  

Tramp, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň fransuz liderine geçen hepde beren jogabyny göz öňünde tutup: “Türkiýe hem Makronyň beýnisiniň ölendigini belledi” diýip nygtady.

Türkiýäniň NATO-nyň gowy bir agzasydygyny aýdan Tramp: “Türkiýe bilen gowy gatnaşyklarymyz bar. Ençeme ýyllap serhetleriniň golaýynda galdyk, indi bolsa yza çekildik. Gowy işleýärler. Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdada garşy geçirilen operasiýada Türkiýä uly goldaw berdi. Has gowy etdi, mundan köp kömek edip bilmezdi” diýip aýan etdi.

Tramp Türkiýäniň rus S-400 ulgamlaryny satyn almagy bilen baglanşykly soraga bolsa, Ankaranyň Barak Obama döwründe Patriot ulgamlaryny satyn almak isländigini, emma Obamanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ençeme gezek bildirilen talaba oňyn jogap bermändigini ýatlatdy.

Şol sebäpli Türkiýäniň ünsüni rus ulgamlaryna gönükdirendigini aýdan Tramp, Ankara bilen bu babatdaky gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi.

S-400 sebäpli Türkiýäniň F-35 bilen bagly taslamasynyň hem togtadylandygyny aýdan Tramp: “Indi bolsa etjek zatlary, ýa Russiýa ýa-da Hytaýa gönüger. Muny etmek islemeýärler. Dünýädäki iň gowy harby uçarlary satyn almak isleýärler. Köp sanda almak isleýärler we häzirki wagta çenli milliardlarça dollarlyk pul serişdesini çykardylar” diýip aýan etdi.  

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem öz gezginde: “Türkiýe harby operasiýasyny bes etdi. Mundan soň syýasy çözgüt üçin tagalla etmelidiris” diýip belledi.



Degişli Habarlar