Abdullah Abdullah Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Abdullah bilen Pompeo,  ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 4 gün ozal Owganystana guran sapary bilen özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy

1316685
Abdullah Abdullah Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Owganystanyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda Owganystan tarapyndan berlen beýanata görä, Abdullah bilen Pompeo telefon söhbetdeşliginde Taliban bilen geçirilýän  parahatçylyk gepleşikleri we 28-nji sentýabrda geçirlen emma netijeleri henizem beýan edilmedik prezident saýlawy hakynda pikir alyşdy.

Abdullah bilen Pompeo,  telefon söhbetdeşliginde şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 4 gün ozal Owganystana guran sapary bilen özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy

 

 

 



Degişli Habarlar