“Taliban çaknyşyklardan ýüz öwüren halatynda parahatçylyk gepleşikleri başlar”

Siddik Siddiki, Taliban bilen owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy

1315977
“Taliban çaknyşyklardan ýüz öwüren halatynda parahatçylyk gepleşikleri başlar”

Owganystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Siddik Siddiki, Taliban bilen owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Siddiki, mesele hakynda beren beýanatynda, Talibanyň parahatçylyk etabyna goşulmagy üçin uly pursadyň döredilendigini nygtady.

Siddiki “Taliban çaknyşyklardan ýüz öwüren halatynda Owgan hökümeti bilen Talibanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleri başlar” diýdi.

Siddiki Talibanyň Owganystanda söweşiň bes edilmegi üçin çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky teklibi kabul etmelidigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar