Russiýa Siriýa esger ornaşdyrmaga dowam edýär

Russiýa ýene-de 3 nokada ornaşdy

Russiýa Siriýa esger ornaşdyrmaga dowam edýär

 

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astyndaky etrapçalara ornaşmaga dowam edýän Russiýa ýene-de 3 nokada ornaşdy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, 20-ä golaý rus esgeri, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Haseki etrabynyň ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astyndaky Amude etrapçasyndaky harby merkeze ornaşdy.

Kamyşlynyň günbatarynda, Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Amude etrapçasynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda bilelikdäki gözegçilik işleri geçirlipdi.

Russiýa Kobaniniň günorta gündogarynda ýerleşýän Aý Nisa etrapçasyna hem esger ornaşdyry. Rus güýçlerinden soň Asada tabynlykdaky güýçler hem ady agzalýan etrapça ornaşdy.

Russiýanyň ýaňy ýakynda Kobaniniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän İzaa etrapçasyna ornaşandygy habar berildi.


Etiketkalar: ornaşdyrmak , esger , Russiýa

Degişli Habarlar