Omanyň Daşary işler ministri soňky 9 aýda üçünji gezek Eýrana bardy

Duşuşykda seljerlen ugurlar hakynda maglumat berilmedi

Omanyň Daşary işler ministri soňky 9 aýda üçünji gezek Eýrana bardy

Omanyň Daşary işler ministri Ýufus Bin Alewi, paýtagt Tähranda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Bin Alewi soňky 9 aýda üçünji gezek Eýrana bardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Zarif bilen Alewiniň Daşary işler ministrliginde duşuşandygy nygtaldy, emma duşuşykda seljerlen ugurlar hakynda maglumat berilmedi.

Omanyň Tähran bilen Waşingtonyň arasynda töwellaçylyk edýändigi sebäpli duşuşykda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň seljerlendigi nygtalýar.

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani düýn beren beýanatynda, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň hakyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýdypdy.



Degişli Habarlar