Londondaky hüjümden soň ýene-de bir adam göz tussaglygyna alyndy

Britaniýadaky terrorçylykly hüjümden soň, ozal terror aýyplamasy sebäpli azatlykdan mahrum edilsede şertli ýagdaýda azat edilen 1 adam ýaňadandan göz tussaglygyna alyndy

Londondaky hüjümden soň ýene-de bir adam göz tussaglygyna alyndy

Polisiýa gullugy şahsyýeti aýan edilmedik 34 ýaşyndaky adamyň Stoke-on-Trent şäherinde göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Polisiýa gullugynyň resmileri, öýünde gözleg işleri geçirilen adamyň, London köprüsinde guralan hüjüm bilen arabaglanşykly göz tussaglygyna alynmandygyny aýan etdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson ýurtda terror aýyplamasy sebäpli ozal azatlykdan mahrum edilen 74 adamyň şertli ýagdaýda möhletinden ir azat edilendigini mälim edipdi.

Londonda geçen hepdäniň anna güni 2 adamy öldüren we 3 adamy ýaralan, terror aýyplamasy sebäpli ozal azatlykdan mahrum edilen 28 ýaşyndaky Usman Khanyň hem 16 ýyl azatlykdan mahrum edilmegine garamazdan, möhletinden ir azat edilendigi aýan bolupdy.

Usman Khan, anna güni ýerli wagt bilen sagat 14:00 töweregi 5 adamy pyçaklanyndan soň, polisiýa işgärleri tarapyndan atylyp öldürilipdi.

Pyçaklanan adamlaryň ikisi alynyp gidilen hassahanada ýogalypdy.

Hadysany terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendiren polisiýa işgärleri, hüjümçiniň ýasamadygy anyklanan partlaýjy enjamyny ýany bilen göterendigini habar berdiler.

Khanyň hüjüm guran mahaly aýagynda Polisiýa tarapyndan dakylan gözegçilik enjamynyň bardygy mälim edildi.


Etiketkalar: hüjüm , London , Britaniýa

Degişli Habarlar