Kabulda howpsyzlyk güýçlerine garşy ýaragly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

Kabulda howpsyzlyk güýçlerine garşy ýaragly hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda howpsyzlyk güýçlerine garşy guralan ýaragly hüjümde iki howpsyzlyk işgäri ýogaldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasrat Rahimi, žurnalistlere beren beýanatynda, howpsyzlyk güýçleriniň, Kabulyň Ýaka Tutu etrapçasynda şahsyýeti näbelli adamlaryň ýaragly hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy.

Hüjümde iki howpsyzlyk işgäriniň ýogalandygyny aýdan Rahimi, 3-niň hem ýaralanandygyny nygtady.

Rahimi hüjümçileriň tapylmagy üçin deňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

 

 



Degişli Habarlar