Howpsyz zolakda ýerleşýän mekdepler abatlanýar

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabynda köp sanda mekdebiň ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ştaba öwrülendigi anyklandy

1316196
Howpsyz zolakda ýerleşýän mekdepler abatlanýar

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen saplanan Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ştab hökmünde ulanylan mekdeplerde terrorçylaryň özlerinden soň goýup giden ýerleri arassalanýar.

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen saplanan Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ştab hökmünde ulanylan El Afaf başlangyç synp mekdebinde gözleg we saplaýyş işleri dowam edýär.

Beýleki tarapdan, Ras-el-Aýn etrabyndaky telekeçiler şäherdäki durmuş ýagdaýyň kadalaşandygyny, dükanlaryň açylmaga başlandygyny belläp, başga ýerlere göçen ýaşaýjylaryň etraba gaýdyp gelmekleri barada çagyryş berdiler.

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabynda köp sanda mekdebiň ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ştaba öwrülendigi anyklandy we käbirleriniň aşagynda tuneller tapyldy.



Degişli Habarlar