ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatynda bolan kiçi uçar heläkçiliginde 2-si çaga jemi 9 adam ýogaldy

1315374
ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

ABŞ-nyň metbugatynda berilýän habarlara görä, Günorta Dakotanyň Çamberlain şäherindäki howa menzilinden uçan uçaryň, ýokaryk galanyndan gysga wagt soň ýere gaçandygy habar berildi.

Resmiler, Pilatus PC-12 kysymly bir dwigatelli uçaryň düzüminde jemi 12 adamyň bolandygyny, wakada 2-si çaga 9 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň bolsa ýaraly ýagdaýda halas bolandygy aýan edildi.

Ýogalanlaryň arasynda uçaryň uçarmanynyň hem bardygy beýan edildi.

Hadysanyň näme sebäpli bolandygy barada entek resmi beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar