ABŞ-nyň Ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Hytaýda ABŞ-nyň Ilçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy habar berildi

1313971
ABŞ-nyň Ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gonkongdaky demonstrasiýalarda edilen basyş we adam hukuklaryna edilen basyşlardan jogapkär hytaýly resmilere sanksiýa goýulmagy hakyndaky kanun taslamasyny tassyklamagyndan soň ABŞ-nyň Hytaýdaky İlçisi Branstad Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Ministrlikden berilen beýannamada Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Li Ýuçingiň Branstada Trampyň kanun taslamasyny tassyklamagynyň “Hytaýyň içerki işlerine düýpli goşulyşmagy we aýratynam halkara kanunlaryň bozulmagy” manysyny aňladýandygyny aýdandygy nygtalýar.

Li Ýuçing Branstad bilen geçiren duşuşygynda ABŞ-nyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna artykmaç zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin tassyklanan kanun taslamasyny iş ýüzüne geçirmeli däldigini beýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen ozalky beýannamada Hytaýyň kanun taslamasynyň tassyklanmagyny ýazgarandygy we oňa garşylyk görkezjekdigi habar berilipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Gonkongdaky demonstrasiýalarda edilen basyş we adam hukuklaryna äsgermezçilikden jogapkär hytaýly resmilere sanksiýa goýulmagy hakyndaky kanun taslamasyny tassyklapdy.



Degişli Habarlar