Albaniýada bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Albaniýada bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 7-ä ýetdi

1312774
Albaniýada bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Albaniýanyň Ýer ylymlary, energetika, suw we daşky gurşaw institutyndan berilen beýanata görä, güýç merkezi ýurdyň günbataryndaky Durres şäherine 15 km uzaklykda bolan ýer titremäniň, ýeriň 38 km aşagynda emele gelendigi we 6,4 bal ululygyndadygy habar berildi.

Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Tirana şäherindäki uniwersitediň hassahanasynda 180 adamyň bejergi astyna alynandygy, Durres şäherinde bolan 150 adamyň bejergi almak üçin ýüz tutandygy aýan edildi.

Infrastruktura we energetika ministri Belinde Balluku, beren beýanatynda, Durres şäheriniň ýaşaýjylaryna tiz kömek ulaglaryna we ýangyn söndüriji ulaglara päsgel bolmaz ýaly, ulaglaryny ulanmazlyklary barada çagyryş berdi.

Albaniýada ýangyn söndüriji gullyk bilen Ýaragly güýçleriň işleriniň dowam edýändigi beýan edildi.

Paýtagt Tirana başda bolmak bilen Albaniýanyň beýleki şäherlerinde we goňşy ýurtlar bolan Demirgazyk Makedoniýa, Kosowa we Çernogoriýada hem duýulan ýer titreme Albaniýada aragatnaşyk we elektrik tok meseleleriniň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Bilim, Sport we Ýaşlar ministrligi Tiran, Durres we Karrion şäherlerinde bilime arakesme berilendigini aýan etdi.

Albaniýada 21-nji sentýabrda bolan 5,8 bal ululygyndaky ýer titremede 132 adam ýaralanypdy, 600-den gowrak öýe zeper ýetipdi.



Degişli Habarlar