“Waşington Eýrandaky demonstrasiýalary goldaýar”

Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Maýk Pens twitter arkaly habarnama berdi

1310247
“Waşington Eýrandaky demonstrasiýalary goldaýar”

ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Maýk Pens resmi Waşingtonyň Eýranda benziniň nyrhynyň ýokarlandyrylmagyndan soň başlan we adam pidalaryna sebäp bolan demonstrasiýalary goldaýandygyny beýan etdi.

Resmi Tähranyň Waşingtonyň demonstrasiýalara goldaw ýüzlenlerini içerki işlerine goşulyşmak hökmünde kabul edip, ABŞ-na protest notasyny bermeginden soň twitter arkaly habarnama beren Maýk Pens, Eýrandaky demonstrasiýalary goldaýandygyny ýazdy.

Pens habarnamasynda: “Eýranlylar protestler üçin köçä çykan bolsa Tährandaky Aýatullahlar güýç ulanmaga we öz halkyna basyş etmäge dowam edýär. ABŞ-nyň pozisiýasy açyk: Amerikan halky Eýranyň halkynyň ýanynda” diýip ýazdy.

Amerikan mediasynda çykan habarlara görä ABŞ-nyň uçar gämisi “USS Abraham Linkoln” Ak Tamyň buýrugy boýunça 6 aý soň Pars aýlagyna tarap ugrady.

 



Degişli Habarlar