“Ýadro ylalaşygynyň bes edilmegi bütin dünýä üçin zyýanly bolar”

Eýranyň Prezidenti Ruhani dünýä döwletlerini halkara bäbitleri goramaga çagyrdy

1309394
“Ýadro ylalaşygynyň bes edilmegi bütin dünýä üçin zyýanly bolar”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ýadro ylalaşygynyň bes edilmeginiň bütin dünýä ýurtlary üçin zyýanly boljakdygyny, şol sebäpli ähli taraplaryň halkara bähbitleri goramalydygyny aýtdy.

Eýranyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannama görä Ruhani Awstrliýanyň Eýrandaky İlçisi Lindall Žan Saçasyň ynanç hatyny kabul ediş dabarasynda: “ABŞ dünýäniň lideri däldigine düşünmeli. ABŞ hem adaty ýurtlardan biri” diýdi.

Garaşsyz döwletleriň ABŞ-nyň kabul eden kararlaryna garşy durmagyny islän Ruhani; “Ýadro ylalaşygynyň bes edilmegi dünýä üçin zyýanly bolar. Şol sebäpli ähli taraplar dünýäniň bähbidini goramaly. ABŞ-nyň sanksiýalary iru-giç gutarar, ony artykmaç dowam etdirip bilmez” diýdi.

Ruhani Pakistanyň Harby goşunlarynyň Baş serkerdesi general Kamar Jawid Bajwa bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasynda gurluşygy dowam edýän turba geçirijini Pakistan serhedine çenli ýetirendiklerini aýtdy.

Eýranyň Prezidenti serhet howpsyzlygy we kontrabanda garşy göreş boýunça hem resmi Yslamabat bilen işleşýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar