ABŞ Eýranyň harby güýji hakynda habarnama çap etdi

ABŞ-nyň Goranyş howpsyzlygy gullugy ilkinji gezek Eýranyň harby güýji hakynda habarnama çap etdi

1309476
ABŞ Eýranyň harby güýji hakynda habarnama çap etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligine tabynlykdaky gullugyň habarnamasynda Eýranyň üç esasy ugra üns bermegi nazarda tutýandygy beýan edilýär.

Şol çäkde Eýranyň harby doktrinasyny guralmagy ähtimal hüjümi gumanitar we maliýe ýitgisini agyrlaşdyrjak görnüşde ýüz öwürtme usulyna esaslandyrýandygy nygtalýar.

Habarnamada Eýranyň materikara ballistiki raketa mümkinçiligine eýe bolmak ugrundaky taýarlyklaryny dowam etdirýändigi, has ukyply we täsirli ballistiki raketalary ornaşdyrmaga dowam etjekdigi bellenilýär.

Eýranyň hökümetiniň raketa we uçarmansyz howa ulaglaryna edýan maýa goýumlaryny artdyrjakdygy, BMG-niň ýarag embargosynyň 2020-nji ýylda aýrylmagyndan soň harby uçar we döwrebap tanklary almaga başlajakdygy beýan edilýär.

Habarnamada Eýranyň geljek 10 ýylda başga ýurtlara operasiýa guramak ýa-da hyzmatdaş ýurtlarda hemişelik harby bazalar açmak ýaly sebitde giň gerimli operasiýalary iş ýüzüne geçirip biljekdigi bellenilýär.

Habarnamada Eýranyň milli howpsyzlyk strategiýasynyň režime garşy içerki we daşarky howplary ortadan aýyrmaga we sebitde esasy güýje eýe bolmak maksadyna esaslanýandygyna üns çekilýär.



Degişli Habarlar