Russiýa Kerç bogazyndan saklan gämilerini Ukraina gowşurdy

Russiýa 2018-nji ýylyň noýabrynda Kerç bogazynda saklan Ukraina degişli harby gämisini Gara deňiziň tarapsyz suw giňişliginde gowşurdy

1308471
Russiýa Kerç bogazyndan saklan gämilerini Ukraina gowşurdy

Ukraina degişli “Nikopol”, “Ýany Kapu” we “Berdýansk” atly harby gämiler Ukraihanyň Odessa şäherine tarap ugrady.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada derňew işiniň gutarmagyndan soň gämileriň Ukraina gowşurylandygy nygtalýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Elena Zerkal bolsa “Facebook” arkaly beren beýanatynda Gaganyň Arbitraž kazyýetinde derňew işiniň dowam edýändigini nygtap: “Maksadymyz düzgün bozmalary ýüze çykarmak we degişli puşmana tölegini almak” diýdi.

Rus harby gämileri geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Gara deňizde Kerç bogazynyň golaýynda “suw giňişligine rugsatsyz girendigi” sebäpli Ukrainanyň Deňiz güýçlerine degişli 3 gämini saklap, ekipažyny tussag edipdi.



Degişli Habarlar