Eýran ABŞ-nyň demonstrantlara berýän goldawynyň içginlikden daşdadygyny beýan etdi

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Abbas Musewiniň beýanatynda aýdylýar

1308411
Eýran ABŞ-nyň demonstrantlara berýän goldawynyň içginlikden daşdadygyny beýan etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Abbas Musewi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Eýranda benziniň nyrhynyň ýokarlandyrylmagyna garşy geçirilýän demonstrasiýalara berýän goldawynyň içginlikden daşdadygyny aýtdy.

Abbas Musewi Eýranyň döwlet mediasyna beren beýanatynda Pompeonyň goldaýan aksiýalarynyň Eýranyň halkynyň umumy garaýyşyny beýan etmeýändigini nygtady.

Pompeonyň beýanatyny “sowuk we ikiýüzli” hökmünde häsýetlendiren Musewi, şol sözleriň Eýranyň halkyna göwünlik bermekden daşdadygyny we ABŞ-nyň Eýran boýunça erbet niýetiniň bardygyny öňe sürdi.

Musewi: “ABŞ-nyň ykdysady terrorizmine sezewar bolan Eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirmegi diýseň geň. Bu adam ozal Eýranyň halkynyň boýun egmegi üçin aç goýulmalydygyny aýdypdy” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo anna gününden bäri dowam edýän demonstrasiýalara goldaw berip, Eýranyň halkynyň ýanynda durýandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar