ABŞ, Eýranly protestçylara goldaw berýär

Ak Tam protestçylara garşy aşa güýç ulanylmagy ýazgardy

1308206
ABŞ, Eýranly protestçylara goldaw berýär

ABŞ, Eýranyň benziniň nyrhynyň ýokarlandyrylmagyna garşylyk görkezmek üçin ýöriş geçiren protestçylara goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Ak Tamdan mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, protestçylara garşy aşa güýç ulanylmagy ýazgaryldy.

Beýanatda “ABŞ, hökümete garşy protest ýörişini geçiren eýranyň halkyna goldaw berýär. Protestçylara garşy aşa güýç ulanylmagyny we aragatnaşyk ulgamynyň çäklendirilmegini ýazgarýar” diýildi.

Beýanatda Eýranyň hökümeti berk ýazgaryldy we “Resmi Tähran, ýadro ýaragy we raketa maksatnamalary bilen birlikde terörizme goldaw bermek bilen öz halkyna zeper ýetirýär” diýildi.

Eýran benziniň nyrhynyň 300 göterim ýokarlandyrylmagy sebäpli anna güni başlan protest ýörişleri dowam edýär

 



Degişli Habarlar