Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Host welaýatynyň Saberi etrabynda bolan partlamada bir çaga ýogaldy

1307380
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Saberi etrabynyň häkimi Abdulhaý Zazai, metbugata beren beýanatynda, Saberi etrabynyň merkezinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň golaýdan geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi. 

Partlamada 1 çaganyň ýogalandygyny aýdan Zazai, asuda ilatdan 2 raýatyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

 

Beýleki tarapdan bolsa Tahar welaýatynyň Warsaj etrabynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Afzal Hakimi, Baglan welaýatynyň Host etrabynda guralan ýaragly hüjümde ýogaldy. 

Içeri işler edarasynyň müdüriniň 3 goragçysynyň hem ýogalan hüjüm bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

Bu hüjümiň jogapkärçiligini bolsa terror guramasy Taliban öz üstüne aldy. 

 


Etiketkalar: #hüjüm , #Owganystan

Degişli Habarlar