ABŞ-da mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky mekdepleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 2 okuwçy ýogaldy, aralarynda hüjümçi bilen birlikde jemi 4 adam bolsa ýaralandy

1307074
ABŞ-da mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Ýaragly hüjüm Los-Anjeles şäheriniň 48 km demirgazyk-günbataryndaky 200 müň ilatly Santa-Klarita şäherindäki Saugus mekdebinde guraldy.

Içeri işler edarasynyň resmisi, hüjümiň şu gün irden guralandygyny we berilen jaňdan 2 minut soň wakanyň bolan ýerine gelendiklerini habar berip: “Emma mekdebe gelen mahalymyz 6 okuwçyny ýaraly ýagdaýda tapdyk” diýip aýan etdi.

Ýaşlary 14 bilen 16 aralygynda üýtgeýän ýaraly çagalaryň golaýdaky hassahanalara gönükdirilendigini aýdan resmi, 1-i 16 ýaşynda bolan gyzyň we beýlekisi 14 ýaşynda bolan oglanyň halas edilip bilinmändigini habar berdi.

Hassahanada 1-iniň ýagdaýy agyr jemi 3 çaganyň bejergisiniň dowam edýändigi beýan edildi.

Içeri işler edarasynyň resmisi, mekdebiň kamera bellikleriniň gözden geçirilen mahaly, hüjümçiniň sumkasyndaky ýaragyny çykaryp, 5 adama od açandygyny, ondan soň bolsa ýaragy kellesine çenäp, öz janyna kast etmek isländigini anyklandyklaryny mälim etdi.

Ady aýan edilmedik we şol mekdepde okaýandygy bellenen 16 ýaşyndaky erkek hüjümçiniň, beýleki ýaralanan okuwçylar bilen bilelikde hassahana gönükdirilendigi, saglyk ýagdaýynyň bolsa tankydydygy beýan edildi.

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär.


Etiketkalar: #ABŞ , #hüjüm

Degişli Habarlar