Gazada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy

Ylalaşyk ýerli wagt bilen 05.00-da güýje girdi

1306191
Gazada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy
gazze saldirilar.jpg
gazze ateskes.jpg

 

Yslamy Jihad hereketi, Müsüriň töwellaçylyk etmeginde Ysraýyl bilen hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi.

Yslamy Jihad hereketiniň metbugat geňeşçisi Musab Al Burem, ylalaşygyň ýerli wagt bilen 05.00-da güýje girendigini aýtdy.

Bureým, Ysraýyl bilen hüjümleriň bes edilmegi meselesinde  Yslamy Jihadyň ozal öňe süren şertklerine laýyklykda ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň gabawy astyndaky Gazada guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 32 adama ýetdi.

Gazadaki Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanatda, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 32, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 100 adama ýetendigi nygtaldy

 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Gaza , #Yslamy Jihad

Degişli Habarlar