Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk dünýäniň çar tarapynda hatyralandy

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk, bakyýete ugramagynyň 81-nji ýylynda dünýäniň çar tarapynda geçirilen çäreler bilen hatyralandy

1303606
Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk dünýäniň çar tarapynda hatyralandy

Beýik Lider Atatürk üçin Gresiýanyň Saloniki şäherinde, dogulan öýünde dabara geçirildi.

Hormatly dymyşlyk we Milli Senalaryň ýerine ýetirilmeginden soň, gelen myhmanlar öýi zyýarat etdiler.

Gazy Mustafa Kemal Atatürk, Gazagystanda hem söýgi we hormat bilen hatyralandy.

Türkiýäniň Nur-Sultan şäherindäki ilçihanasynda ir ertir bilen geçirilen çärä myhmanlar bilen birlikde türk raýatlar hem gatnaşdy.

Dabarada Atatürkiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp 1 minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

Mustafa Kemal Atatürk bilen bagly ýörite wideo görkezildi.

Dabaranyň ahyrynda paýtagt Nur-Sultan şäherindäki Atatürkiň heýkeline gül desseleri goýuldy.

Beýik Lider Atatürk, Türkiýäniň Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdaky ilçihanasynda hem hatyralandy.

Hytaýda Türkiýäniň Pekin şäherindäki ilçihanasynda hem, 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni mynasybetli çäre geçirildi.

Türkiýäniň raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede, Atatürkiň ýaşaýyş durmuşyny görkezýän gysga metražly film görkezildi.

Türkiýäniň Pakistan, Indoneziýa, Azerbaýjan, Russiýa, Germaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Bosniýa-Gersegowina, Britaniýa we Özbegistan ýaly ýurtlardaky ilçihanalarynda geçirilen dabaralarda hem Gazy Atatürk ýatlandy.  


Etiketkalar: #hatyralamak , #Atatürk

Degişli Habarlar