“Türkiýe Ýewropanyň howpsyzlygy üçin möhüm ähmiýete eýe”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýäniň Ýewropanyň howpsyzlygy üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy

“Türkiýe Ýewropanyň howpsyzlygy üçin möhüm ähmiýete eýe”

Ýens Stoltenberg Germaniýanyň paýtagaty Berlinde “Korber” gaznasynda eden çykyşynda howpsyzlyk syýasatlary hakynda beýanat berdi.

ÝB-niň harby taýdan Ýewropany gorap bilmejekdigini nygtan Stoltenberg, NATO-nyň eýe bolan ähmiýetine ünsi çekdi.

Stoltenberg: “Norwegiýa, ABŞ, Kanada we Britaniýa bilen günorta Türkiýe Ýewropanyň howpsyzlygy üçin möhüm ähmiýete eý ebolan ýurtlar” diýdi.

Hyzmatdaşlyga girýän ýurtlardan howpsyzlyk üçin edýän çykdajylaryny NATO-nyň isleýän derejesine götermeklerini islän Stoltenberg, Germaniýanyň goranyş pudagyna edýän çykdajylaryny ABŞ-na ýagşylyk etmek üçin däl, eýsem öz howpsyzlygyny üpjümn etmek üçin ýokarlandyrmalydygyny nygtady.

Stoltenberg ýekşenbe güni “Bild am Sonntag” gazetine beren beýannamasynda-da Türkiýäniň esasy hyzmatdaşlardan biridiginiň ykrar edilmelidigini nygtap: “Terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde we guramanyň fiziki taýdan ýok edilmegine Türkiýe egilşiksiz goşant goşdy. Ýaranlaryn hiç haýsy Türkiýäniň kabul eden bosgunlaryça bosgun kabul etmedi. Türkiýe 3,6 million siriýaly bosguny kabul etdi we NATO agza ýurtlaryň hiç haýsyna Türkiýä guralan terror hüjümler guralmady” diýipdi.



Degişli Habarlar