“Türkiýe Bolmasa Wengriýa we Ýewropa gönügen millionlyk bosgun tolkunynyň öňi alynmaz”

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban “Türkiýe bolmasa Wengriýa we Ýewropa gönügen millionlyk bosgun tolkunynyň öňüniň alynmajakdygyny” aýtdy

“Türkiýe Bolmasa Wengriýa we Ýewropa gönügen millionlyk bosgun tolkunynyň öňi alynmaz”

Premýer ministr Orban Wengriýanyň döwlet radiosyndaky hepdelik çykyşynda Prezident R.T.Erdoganyň 7-nji noýabrda Wengriýa guran sapary barada durup geçdi.

Türkiýäniň bosgunlary Ýewropa däl, eýsem Siriýa ugradan halatynda Ýewropanyň we ýurdunyň howpsyz boljakdygyny aýdan Orban: “Eger Türkiýede güýç, deňagramlyk we ynam bolmasa bosgunlaryň öňüni alyp bilmez, ol hem bosgunlaryň tarapdarlarynyň arzuw-isleginiň iş ýüzüne geçmegine hem-de millionlarça bosgunyň Ýewropa geçmegine sebäp bolar” diýdi.

Orban çykyşynda “Türkiýe bolmasa Wengriýa we Ýewropa gönügen millionlyk bosgun tolkunynyň öňi alynmaz” diýdi.



Degişli Habarlar