Russiýanyň Idlibe guran howa hüjüminde asuda ilatdan bäş adam ýogaldy

Siriýada Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine guran howa hüjümlerinde ýene-de 5 adam ýogaldy

Russiýanyň Idlibe guran howa hüjüminde asuda ilatdan bäş adam ýogaldy

Oppozisionerlere degişli bolan, Uçarlara gözegçilik öýi tarapyndan berilen maglumata görä, Russiýanyň harby uçarlary Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän Kefrenbil etraby bilen Rami, Jibala, Maarşimşan obalaryna düýn gijeden bäri howa hüjümlerini guraýar.

Idlib Raýat goranyş toparynyň resmilerinden alynan maglumata görä, hüjümde Rami obasynda 3 adam, Maarşimşan obasynda 2 bolmak bilen jemi 5 adam ýogaldy.

Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň harby uçarlarynyň soňky 1 hepdede, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine guran hüjümleride ýogalan adamlaryň sany 25-den geçdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gazanylan ylalaşykdan bäri Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň hüjümlerinde asuda ilatdan 1 müň 300-den gowrak adam ýogaldy.

Hüjümleriň köp guralýan ýerlerinden asuda ýerlere we esasan hem Türkiýäniň serhedine golaý ýerlere göçen adamlaryň sany soňky 1 ýylda 1 milliondan hem geçdi.



Degişli Habarlar