Eýranda ýer titremesi boldy

Eýranyň demirgazygyndaky Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede 6 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam ýaralandy

Eýranda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň Terk şäheri bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titreme, ýerli wagt bilen sagat 02:17-de bellige alyndy.

Ýer titremäniň ýeriň 8 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi, ýer titremede 6 adamyň ýogalandygyny, 300-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýer titremäniň ýurdyň Gilan, Zenjan, Erdebil we Kazwin welaýatlarynda hem duýulandygy we käbir ýerlere zeper ýetirendigi aýan edildi.


Etiketkalar: ýer titreme , Eýran

Degişli Habarlar