" Ukraina NATO agza bolup biler"

NATO-nyň Baş sekretary Ukrainanyň NATO agzalygy barada maglumat berdi

" Ukraina NATO agza bolup biler"

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Ukrainanyň NATO agza bolup biljekdigini aýtdy

Ukrainanyň 1+1 telewideniýe kanalyna beýanat beren Stoltenberg, Ukrainanyň NATO agzalygy barada maglumat berdi.

Garadagyň iki ýyl ozal NATO agza bolandygyny ýatladan Stoltenberg “Demirgazyk Makedoniýa hem birnäçe aýyň dowamynda NATO agza bolar. Polşanyň we Baltika ýurtlarynyň Berlin diwarynyň ýykylmagyndan soň hiç kim NATO agza bolmagyna garaşmaýardy” diýdi.

Ukrainanyň NATO agza bolup biljekdigine ünsi çeken Stoltenberg, “Hyzmatdaşlarymyz Ukrainanyň NATO agzalygyna goldaw berýär. Ukrainanyň NATO agza bolmagy üçin degişli kanuny üýtgetmeleriň kabul edilmegine goldaw bereris” diýdi.

 

 


Etiketkalar: agzalyk , Ukraina , NATO

Degişli Habarlar