Owganystanda guralan bombaly hüjümde 6 polis gullukçysy ýogaldy

Hüjümden Talibanyň jogapkärdigi öňe sürüldi

Owganystanda guralan bombaly hüjümde 6 polis gullukçysy ýogaldy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Badgis welaýatynda guralan bombaly hüjümde 6 polis gullukçysy ýogaldy, 5-i ýaralandy

Içeri işler müdüri Şir Aka Alkozaý, metbugata beren beýanatynda, ýola goýlan bombanyň, polis ulagy geçip barýarka ýarylandygyny aýtdy.

Hüjümde 6 polis gullukçysyyň ýogalandygyny ýatladan Alkozaý, 5 polis gullukçysynyň hem ýaralandyğyny belledi.

Şir Aka Alkozaý, hüjümden Talibanyň jogapkärdigini öňe sürdi

Taliban bolsa hüjüm hakynda hiç hili beýanat bermedi.

 



Degişli Habarlar