Ruhaniden Saudy Şasyna parahatçylyk haty

Eýranyň Prezidenti, Saud Arabystanynyň Şasyna sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin hat ýazdy

1299947
Ruhaniden Saudy Şasyna parahatçylyk haty

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulazize sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin hat ýazdy.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Eýranyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Ali Rebii, paýtagt Tähranda beren beýanatynda, Prezident Ruhaniniň Saud Arabystanynyň Şasy Salmana hat ýazyp ýazmandygy hakyndaky soraga “ Hawa Prezidentimiz birnäçe hat ýazdy, Hatlaryň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegini maksat edinýär” diýdi.

Beýanatynda ady agzalýan hatlaryň mazmuny hakynda maglumat bermedik Rebii, ABŞ-nyň basyşlarynyň sebitdäki goňşy ýurtlary biri-birinden çetleşdirmeli däldigini belledi.

 


Etiketkalar: #hat , #Saud Arabystany , #Eýran

Degişli Habarlar