“Bagdadiniň öli ýagdaýda ele salynandygy bilen bagly elimizde resmi subutnama ýok”

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Ebubekir Al-Bagdadiniň öli ýagdaýda ele salynandygy bilen bagly ellerinde resmi subutnamanyň bolmandygyny beýan etdi

1297139
“Bagdadiniň öli ýagdaýda ele salynandygy bilen bagly elimizde resmi subutnama ýok”

Dmitriý Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Bagdadiniň Amerikan harby güýçleri tarapyndan öldürilmegi bilen bagly wakalaryň üstünde durup geçdi.

Bagdadiniň öldürilendigi barada ABŞ-den resmi ýagdaýda subutnama alynyp-alynmandygy bilen bagly soraga jogap beren Peskow: “Ýok, elimizde resmi subutnama ýok” diýip nygtady.

Terror guramasy DAIŞ-iň lideri ABŞ-nyň ýöriteleşdirilen harby güýçleriniň 8 aýry dikuçary bilen Siriýanyň Idlib şäheriniň demirgazygynda geçiren operasiýasy bilen öli ýagdaýda ele salynypdy.

Tramp, ýekşenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda, Bagdadiniň öýüniň aşagyndaky tunelleriň birine gireninden soň, üstündäki bombany partladyp, ýanyndaky 3 çaga bilen bilelikde ölendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar