Russiýanyň goşmaça harby güýçleri Türkiýe-Siriýa serhedine bardy

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan, takmynan 300 rus harby polisiýasynyň Türkiýe-Siriýa serhedine barandygy habar berildi

1294574
Russiýanyň goşmaça harby güýçleri Türkiýe-Siriýa serhedine bardy

Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Soçi şäherinde gazanylan ylalaşygyň çäginde iberilen, goşmaça harby güýçleriň Türkiýe-Siriýa serhedine baryp ýetendigi mälim edildi.

Russiýanyň harby polisiýasynyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň we olaryň ýaraglarynyň, Siriýa-Türkiýe serhediniň 30 km daşyna çykarylmagyna kömek berjekdigi aýdylýan beýanatda: “Russiýa Federasiýasynyň Çeçenistan Respublikasyndan Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň 300 harby polisiýasynyň, berilen ýörite wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Siriýa bardy” diýip aýan edildi.

Beýanatda, Russiýanyň Siriýadaky Hymeýmim awiabazasyna 20-den gowrak “Gaplaň” we “Taýfun” atly sowutly ulaglaryň iberiljekdigi habar berildi.


Etiketkalar: #esger , #rus , #serhet , #Siriýa , #Russiýa

Degişli Habarlar