Russiýa Siriýada terror howpunyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleri görer

Lawrow Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi

1291869
Russiýa Siriýada terror howpunyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleri görer

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurdunyň Siriýada terror howpunyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleriň görülmegine goldaw berýändigini aýtdy.

Lawrow, paýtagt Moskwada Bolgariýanyň Daşary işler ministri Ekaterina Zahariewa bilen bolan duşuşygyndan soň Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar hakynda beýanat berdi.

Russiýanyň Siriýadan Türkiýe bilen birlikde beýleki ýurtlara garşy howpyň abanmazlygy üçin degişli çäreleriň görülmegine goldaw berýändigini nygtan Lawrow, türk ýolbaşçylarynyň bolsa Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň wekilleri bilen Soçide gepleşik geçirmegi barada hiç hili meýilnamanyň ýokdygyny belledi.

Lawrow, Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň ikinji liniýasy üçin Bolgariýanyň infstruktura işlerini başladandygyny ýatlatdy

 



Degişli Habarlar