"Türkiýäniň serhetlerinde howpsyzlygyny üpjün etmegi üçin kanuny hukuklaryny ykrar edýäris"

Lawrow Soçide geçirlen howpsyzlyk güýçleriniň maslahatynda Siriýadaky soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi

1289252
"Türkiýäniň serhetlerinde howpsyzlygyny üpjün etmegi üçin kanuny hukuklaryny ykrar edýäris"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýäniň serhetlerinde howpsyzlygyny üpjün etmegi üçin kanuny hukuklaryny ykrar edýändiklerini aýtdy

Lawrow Soçide geçirlen howpsyzlyk güýçleriniň maslahatynda Siriýadaky soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi.

Lawrow Damask bilen Ankaranyň arasynda 1998-nji ýylda baglaşylan Adana ylalaşygynyň çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegine goldaw berýändiklerini nygtady

Lawrow “Türk güýçleriniň serhetlerinde howpsyzlygyny üpjün etmegi üçin kanuny hukuklaryny ykrar edýändigimizi hemişe aýratyn belledik” diýdi.

Ankara bilen Damaskyň arasynda gepleşigiň geçirilmegi barada durup geçen Lawrow, iki tarapyň arasynda gepleşigiň geçirilmegine goldaw bermäge taýardyklaryny belledi.

Lawrow Russiýanyň halkara kadalaryň we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda hereket etjekdigini ýatlatdy

Sergeý Lawrow, üstümizdäki aýyryn ahyrynda Prezident R. T. Erdoganyň Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen boljak duşuşygynda Siriýa meselesiniň seljeriljekdigini nygtady

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar