Mogerini PKK-ny terror guramasy hökmünde görmeýändiklerini boýun aldy

Mogerini Türkiýe bilen köp ugurly we köp taraply gatnaşyklaryň bardygyny beýan etdi

1288142
Mogerini PKK-ny terror guramasy hökmünde görmeýändiklerini boýun aldy

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasatlaryndan jogapkar Ýokary wekili Federika Mogerini Türkiýede müňlerçe adamyň janyny alan terror guramasy PKK-ny “terror guramasy” hökmünde kabul etmeýändiklerini boýun aldy.

Mogerini Lýuksemburgda geçirilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň mejlisinden soň geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýä bilen bagly Siriýa we Gündogar Ortaýer deňizindäki burawlaýyş işleri boýunça kabul edilen kararlar barada aýtdy.  

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň näme sebäpden bu sepgide ýetendigine jogap beren Mogerini ÝB-niň elmydama “oňyn gatnaşyklar” açmaga synanşandygyny, emma onuň elmydama mümkin bolmandygyny öňe sürdi.

Mogerini: “Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir Siriýa meselesinden we Gündogar Ortaýer denizinden ybrat däl. Türkiýe möhüm hyzmatdaş we hyzmatdaşlyk etmek üçin ençeme ugur bar” diýdi.

“Agyr günleri başdan geçirdik. Türkiýe agyr döwürleri başdan geçirdi. 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyny hiç haçan ýatdan çykarmalyn” diýen Mogerini; “Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny ak ýa-da gara hökmünde häsýetlendirmek mümkin däl. Taraplaryň arasynda köp ugurly, köp taraply we çylşyrymly hyzmatdaşlyk bar” diýdi.

Mogerini Türkiýe bilen ÝB-niň biri-birinden nämä garaşýandygy meselesinde “açyk” pozisiýa eýelemelidigine ünsi çekip: “Şol bir sebitde ýerleşýän goňşular hökmünde aç-açan bolmalyň we sebitiň howpsyzlygy bilen bilelikde köp sanly umumy bähbidimiziň bardygyny ýatdan çykarmalyn” diýdi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda “düşnüşmezlikleriň” bardygyny ýatladan Mogerini: “Türkiýäniň terror guramasy hökmünde kabul edýan topary” bileleşigiň terror guramasy hökmünde kabul etmeýändigini boýun alyp, umumy göreşiň BMG tarapyndan kabul edilen terror guramalaryna gönükmelidigini beýan etdi.



Degişli Habarlar