Hindistanda iki gatly bina çökdi

Wakada 10 adam ýogaldy

1287490
Hindistanda iki gatly bina çökdi

Hindistanda 2 gatly binanyň çökmegi netijesinde 10 adam ýogaldy.

Ýerli habarlar gulluklarynda berilýän habarlara görä, ýurdyň demirgazygyndaky Uttar Pradeş ştatynyň Walidpur şäherinde 2 gatly bina çökdi.

Ştatyň Içeri işler edarasynyň resmisi Om Prakaş Singh, hadysada azyndan 10 adamyň ýogalandygyny, 15 adamyň bolsa entegem harabalyklaryň aşagyndadygyny habar berdi.

Singh, binanyň gaz balonynyň partlamagy netijesinde çöken bolup biljekdigini, wakanyň derňelýändigini aýan etdi.

Şaýatlar güýçli partlamanyň sesini eşidendiklerini, ondan soň bolsa binanyň ýanmaga başlandygyny habar berdiler.


Etiketkalar: #çökmek , #bina , #Hindistan

Degişli Habarlar